Telekeçilige — giň ýol!

8 Maý 2024
1503

Ýokary öndürijilik ýeňşe ýetirýär

Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän, bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öz döwletimizde öndürmek wezipesi öňde goýuldy. Şonuň üçinem içki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmek, şeýle hem döwletimiziň eksport mümkinçiligini artdyrmakda öňde goýlan wezipeleri çözmeklige işjeň telekeçilerimiz öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Röwşen” aýakgaplary hususy kärhanasynyň telekeçilerem şu asylly maksada işjeň goşulyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylda täzeçe gözlegler bilen döredijilikli zähmet çekip, önümçiligi köpugurly esasda ösdürýärler.

Beýleki habarlar