Keseli anyklamagyň ygtybarly usuly

8 Maý 2024
1118

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň günsaýyn kämilleşýändigi ildeşlerimizde çuňňur buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sagdyn beden we sagdyn ruh Allatagalanyň ynsana eçilen baýlygydyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň şäherdir etraplarynyň ählisinde hereket edýän saglygy goraýyş merkezlerinde we hassahanalarda ilata ýokary derejede hyzmat edilýär. Hassahanalarda ornaşdyrylan häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bolsa raýatlaryň saglyk ýagdaýyny takyk anyklamakda we ýokary derejede bejergi bermekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle lukmançylyk enjamlaryň biri hem magnit-rezonans tomografiýasydyr. Biz hem bu enjamyň ýerine ýetirýän işi barada ýakyndan tanyşmak maksady bilen, welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Mekan Döwletow bilen söhbetdeş bolduk.

— Mekan Geldimyradowiç, ilki bilen, magnit-rezonans tomografiýasynyň ýerine ýetirýän işi barada aýdaýsaňyz!

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar