Derde dermandyr gök çaý

8 Maý 2024
781

Gök çaý dünýä medeniýetiniň taryhynda mynasyp orun alan önümdir. Dünýäde gök çaýyň 1500-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Bu çaýyň düzüminde 300-den gowrak himiki elementler bar. Şol sebäpden hem ol derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Gök çaýda uglewodlar, beloklar, mikroelementler, witaminler, kalsiý, magniý, marganes, natriý we beýleki ýokumly maddalar bar.

Ylmy-barlag işlerini geçiren alymlar tarapyndan yzygiderli gök çaý içmegiň ýürek gan-damar keseli bilen kesellemek we insult geçirmek howpunyň 20 göterim azalmagyna mümkinçilik döredýändigi bellenilip geçilýär.

Bahar NURSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň terapewt lukmany.
Beýleki habarlar