Sagdyn ýaşaýşyň gözbaşynda

8 Maý 2024
777

Ýaz aýlarynda möwsümleýin keselleriň käbiriniň gozgap bilýändigi barada köpimiz bilýäris. Şol kesellere allergiýalar hem degişlidir. Olaryň bir görnüşi pollinoz allergiýasydyr. Ol, esasan, ýelli, tozanly howadan göze, dem alyş ýollaryna ösümlikleriň tozgajyklarynyň düşmegi zerarly döreýär. Eger-de pollinoz allergiýasy dowamly allergiýa öwrülse, onda ol ýylyň beýleki pasyllarynda-da gozgap bilýär. Mysal üçin, gyş aýlarynda sowuk, ýagyşly howa ýa-da tomsuň gyzgyn howasy-da bu keselden ejir çekýänlere bildirýär.

Allergiýalar bilen ejir çekýänler bu döwürde has duýgur bolýarlar. Keseliň döremeginiň esasy sebäbi ýel bilen tozanlanan ösümlikleriň polenidir. Ol burnuň akmagy, gözüň gyzarmagy, ýadawlyk, gaharjaňlyk, bokurdagyry, üsgülewük, kämahal demgysma, deride gyzarma ýaly alamatlary öz içine alýar. Keseli anyklamagyň esasy usuly deriniň allergiýasyny barlamakdyr. Şeýle synaglar  deri keseller lukmanynyň gözegçiligi astynda geçirilmelidir. Şeýle-de barlamhanada ganyň umumy barlagy esasynda ýüze çykarylýar.

Jahan EREŞOWA,
Saýat etrabynyň Sakar şäher hassahanasynyň deri-wenerolog lukmany.
Beýleki habarlar