Innowasiýalar — ösüşiň kepili

7 Maý 2024
1294

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde innowasiýalardan peýdalanmak bilen, häzirki zaman ylmy usullary arkaly ýurdumyzda innowasion ösüşiň ilerledilmegine gönükdirilen täze tehnologiýalary işläp düzmek babatda ylmy-barlag, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, ýerli çig mallar esasynda importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek babatda tejribe-barlag işleri geçirilýär.

Geçen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Tehnologiýalar merkeziniň köpugurly, döwrebap barlaghanalarynda döwlet maksatnamalaryna laýyklykda giň gerimli işler alnyp baryldy. Aýratyn-da, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda magniý oksidinden ýokary temperatura durnukly magneziýa briketlerini almak, biotehnologiýanyň usullary arkaly nebitşlamly topraklary arassalamak, ýerli dermanlyk ösümliklerden biologik işjeň maddalary bölüp almak, alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyryp, ikilenç serişdeleri peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek, topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek ýaly ylmy barlaglar ýerine ýetirildi.

Jeren AŞYRMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktorynyň orunbasary, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar