Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda nebit önümleriniň eksport edilýän esasy harytlaryň biridigini bellemelidiris. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty netijesinde bu pudagyň kuwwatlyklary has-da artdyryldy we uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagynyň binýatlaýyn esaslaryny ösdürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi.
Ylmyň, tehnologiýanyň yzygiderli ösýän şertlerinde nebitgaz toplumynyň önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri-de milli ykdysadyýeti ösdürmegiň gün tertibinde durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, «akylly» enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we dünýäniň soňky gazanan tehnologiýalary arkaly işiň netijeliligini artdyrmak, galyberse-de wagty tygşytly ulanmagy ýola goýmak işleri diýseň oňyn netijesini berýär. Şol sanda ýurdumyzyň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmekde hem sanly tehnologiýalara örän möhüm orun degişlidir. Bu pudakda sanly ulgam arkaly dolandyrmak, bu babatda hünärmenleriň bilimlerini we tejribelerini artdyrmak, okuw sapaklaryny yzygiderli guramak işleri alnyp barylýar. Hut şol işleriň durmuşa geçirilmeginde soňky ýyllarda Diýarymyzyň köp künjeklerinde geologik-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň giň gerimde geçirilmegi bilen, täze maglumatlar, netijeler alyndy. Bulardan başga-da, täze burawlanylýan nebit we gaz guýulary, şeýle hem ozaldan işledilip gelinýänleri kompýuterleşdirildi. Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalar arkaly guýularyň önüm ýygnanýan dürli gatlaklaryna gözegçilik edilýär. Şeýle usulda sanly serişdeler we innowasion tehnologiýalar bilen çuňluklaryň geologik gurluşynyň we önüm toplanýan gatlaklarynyň ýagdaýyny öwrenmek, bäş müň metr çuňlukdan gije-gündiziň dowamynda alynjak önümiň çaklamalaryny hasaplamak mümkinçiligine eýe bolundy.