«Amantaý» hususy kärhanasynda...

6 Maý 2024
978

Hususy telekeçilige ýurdumyzda uly orun berilýär. Şunda ýurduň importy azalmak, eksporty bolsa artmak bilen bolýar. Bu halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ilata hyzmat ediliş derejesiniň ýokarlanmagy, önümçiligiň giň gerime eýe bolmagy diýildigidir. Häzirki wagtda Watanymyzyň altyn gaznasyna deňelýän hususy pudak bolan telekeçilik barha ösýär, kämilleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýlelikde, hususy kärhanalardyr olaryň öndürýän önümleriniň möçberi barha artýar. Olarda diňe bir içerki bazarlarymyza däl, eýsem, dünýä bazarlaryna çykarmaga niýetlenen ýokary hilli önümleriň köp görnüşleri öndürilýär. Hususy pudagyň hatarynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Amanbaý Ganjaýewiň esaslandyran «Amantaý» hususy kärhanasy-da bar.

Sadap MUHAMOWA,
«Biznes reklama».
Beýleki habarlar