Häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işleri hem bu ugurdaky tagallalara goşantdyr.
Merkezde ygtyýarnamalar esasynda ýerine ýetirilýän iş görnüşlerinden daşgary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdeplerinde işlenip düzülen ylmy taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny giňeltmek maksady bilen, onlarça ylmy-barlag, ylmy-gözleg, taslama işleri alnyp barylýar.