Watansöýüjilige ýugrulan eser

2 Maý 2024
1350

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndaky «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýen sözleri okyjylaryň kalbyna täsir edýär. Munuň şeýledigine ýaşlarymyz bu ajaýyp kitap mynasybetli guran söhbetdeşligimizde has-da anyk göz ýetirdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar kitabyň mazmuny barada örän täsirli gürrüň etdiler. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe bir taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Rejepgül BAÝLYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar