Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýän taslamalaryň artmagy bu ugurda gazanylýan üstünliklere şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýerde jemleýän e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly özünde maglumatlary ýygnamak bilen bir hatarda, aragatnaşyk boýunça, ýagny ýurduň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary onlaýn görnüşde amala aşyrmaga, sanly ulgam arkaly raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerinde köp ýeňillikleri döretmäge, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmäge uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda bu portalda jemi 500-den gowrak hyzmatlara salgylanmalar ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda 40-dan gowrak onlaýn töleglere we hyzmatlara, 270-den agdyk sanly maglumatlara, döwlet edaralarynyň 150-den hem köp web saýtlaryna, şeýle-de olaryň amala aşyrýan 50-ä golaý hyzmatlaryna salgylanmalar bar.