«Güneşde» işler sazlaşykly barýar

1 Maý 2024
1144

«Güneş» daýhan birleşigi Halaç etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Hojalygyň babadaýhanlary ekinden-toprakdan bol hasyl ýygnamagy başarýarlar. Olar ýurdumyzyň dänä bolan islegini üpjün etmäge her ýyl saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl hem daýhanlar bugdaýdan bol hasyl ýygnajakdyklaryny ynam bilen aýdýarlar.

— Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny üpjün etmeklige gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli berjaý etmek ugrunda babadaýhanlarymyz yhlas bilen zähmet çekýärler. Döwlet Baştutanymyzyň bugdaý, pagta hasylynyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakyndaky we oba hojalyk pudagyny özgertmäge degişli kabul eden Kararlary daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy — diýip, daýhan birleşiginde hasabat işleri bilen meşgullanýan Ýolbars Jumanazarow aýdýar. Ýolbars ozal birnäçe ýylyň dowamynda şu daýhan birleşigine ýolbaşçylyk edipdir. Şol ýyllarda ol hojalygyň gazanýan ýokary netijeleri bilen baglanyşykly welaýat häkimliginiň sylaglaryna hem mynasyp bolupdyr. Ol bu hojalygyň işlerine belet. Ýaşlaryň birnäçesine öz iş tejribelerini hem öwredipdir. Häzirki wagtda hem olara işe dahylly gymmatly maslahatlaryny berip durýar.

Ilmyrat DÖWLETOW.
Beýleki habarlar