Gollary terje semzek

30 Aprel 2024
864

Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigaty barada gürrüň edilende, mukaddes topragymyzyň ýerüsti bezegi bolan ösümlik dünýäsi barada söz açmazlyk mümkin däl. «Ýaşyl dünýä» diýlip söýülýän ösümlikler diňe bir tebigatyňdyr ynsan ýaşaýşynyň bezegi bolman, eýsem, ýaşaýşa dowamat berýän peýdalary bilen hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň, adamzat ýaşaýşynyň bütin dowamynda ösümlikler, hususan-da, dermanlyk ösümlikler aýratyn orun tutup gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzyň çäginde bitýän dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň ýüzlerçesi barada düýpli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Olaryň biri hem semzek ösümligidir.

Gollary terje, gülleri delje semzek ösümligi ýurdumyzyň medeni zolaklarynda, ekerançylyk meýdanlarynda bitýär. Halkymyz gadym döwürlerden bäri ony iýmit hökmünde peýdalanyp gelýär. Milli Liderimiziň ajaýyp kitabynda bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri giňden açylyp görkezilýär we onuň öt bilen baglanyşykly ähli sökelliklere dermandygy barada maglumat berilýär. Eli süýji türkmen zenanlary bu işdä açyjy otdan dürli tagamlary taýýarlaýarlar.

Aýgül ATAÝEWA,
Kaka etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar