Adam islendik zatda özüne erk etmegi başarmaly. Islän zadyny isledigiçe iýse semreýär we öz saglygyna zyýan ýetirýär. Artykmaç agramlylyk diňe bir adamyň köp iýmek endiginden gözbaş alman, eýsem, iýmitiň görnüşine, hiline, taýýarlanylyşyna we kabul edilişine hem bagly bolup durýar. Naharlar saglyk maksatly taýýarlanmaly. Munuň üçin olary diňe ösümlik ýagynda bişirmeli we mümkin boldugyça, etleriň ýagsyz görnüşinden peýdalanmaly. Ýagly naharlardan alynýan uglewodlaryň aglabasyny buglanan naharlar ýa-da ter gök önümler, miweler bilen çalyşmaly. Iýmitiňizde çörek we çörek önümleri, duza ýatyrylan önümler we şor tagamlar çäklendirilmeli. Gije-gündiziň dowamynda 2-2,5 litrden az bolmadyk mukdarda suw içmeli.
Bedeniň agramyny kadaly ýagdaýa getirmek we saklamak üçin iýip-içmegiň düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Şeýlelikde, nahary ýygy-ýygydan we az-azdan iýmeli. Bu düzgün ata-babalarymyzyň «Köp iýen hassa, az iýen arassa» diýen aýtgysyny hem ýada salýar. Adam gündizki naharlanyşyna-da dykgat etmeli welin, agşamlyk naharynyň ýeňil bolmagyna aýratyn ünsli çemeleşmeli. Şunda saçaga gök önümler, buglanan et ýa-da kelem we dorag äberilmeli. Her gün agşam ýatylmazdan 1-2 sagat öň bir bulgur gatyk içmek peýdaly.