«Brande Finance» konsalting kompaniýasy iň gymmat nemes brendleriniň sanawyny çap etdi. Oňa laýyklykda, «Deutsche Telekom» telearagatnaşyk operatory 150 kompaniýany öz içine alýan sanawyň birinji ornuny eýeledi. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň bahasy 68,4 milliard ýewro möçberde bahalanýar. Iň gymmat nemes brendleriniň reýtinginiň ikinji basgançagyndan bolsa bahasy 55,5 milliard ýewro deň bolan meşhur awtoulag öndürijisi «Mercedes-Benz» orun aldy. Ilkinji üçlügi 43,8 milliard ýewrolyk görkeziji bilen «Allianz» ätiýaçlandyryş kompaniýasy jemledi. Şeýle-de iň gymmat nemes brendleriniň öňdäki onlugyndan «Porsche», «BMW», «Volkswagen», «SAP», «Siemens», «Lidl» we «Aldi Sxd» ýaly kompaniýalar orun aldylar.