Ýakynda Lebap welaýat Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» Döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatynda biosfera goraghanasynyň gözel tebigatyna gezelençler guralyp, haýwanat dünýäsine syn edildi we ylmy işgärleriň gürrüň bermeklerinde olar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Okuw-maslahatynyň dowamynda çykyş edenler «Repetek» döwlet çäkli goraghanasynyň çäginde ýerleşen «Ýerajy» döwlet çäkli goraghanasynyň kölüniň haýwanat we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, ünsi çekiji gürrüňleri berdiler.
Şular ýaly okuw-maslahatynyň geçirilmegi şu günki ýaş nesilde ata Watanymyzyň tebigatyny goramaga bolan söýgini ösdürmekden ybaratdyr. Çünki daşymyzy gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamak, tebigy baýlyklarymyzy goramak, ýurdumyzyň ilatynyň arassa howadan dem alyp, sagdyn durmuşda ýaşamagynyň kepilidir.