Döwletimiz tarapyndan halkyň, şol sanda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylan günündäki taryhy wakalar munuň aýdyň subutnamasy boldy. Degişli merkeziň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden çagalaryň gatnaşmaklary we olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň çuň mazmunlydygyny ýene bir gezek subut etdi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň badalga almagy bilen uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Şoňa laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. «Ene mähri», gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda oňdebaryjy netijeler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanyp, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem üstünlikli dowam etdirilýär. Toplumlaýyn we sazlaşykly esasda durmuşa geçirilýän şeýle uly işler nesil sagdynlygyny üpjün etmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir.