Ynsanyň bagtyýar ýaşaýşynyň sakasynda saglyk bar. Dünýäniň ähli genji-hazynasy saglykda jemlenen. Watanyň abatlygy, il-günüň asudalygy, bolelinligi hem saglygyň bimöçber mümkinçiliklerinden ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalaryň, milli we döwlet maksatnamalaryň tutuş toplumynyň kabul edilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy», «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar.