Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Mary welaýatynda gurlup ulanylmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklady.
Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, lukmançylyk tejribesine täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak ýaly işler ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işler her birimizde buýsanç, çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden çagalaryň Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň sogaply işlerine köňül hoşallygy bolup kalplara doldy. Sagdyn durmuşy gaýtarylyp berlen çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň ýürekden syzdyryp aýdan sözlerini diňläniňde,