«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» — ýaşlaryň göreldesi

18 Aprel 2024
841

Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köptaraply tagallalary netijesinde taryhyna, milliligine sarpa goýýan sagdyn, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi üçin döwlet derejesinde düýpli işler amala aşyrylýar.

Ata-babalarymyz döwrüniň gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, nesiller üçin has oňaýly ýaşaýşy döretmäge ymtylypdyrlar. Halkymyzyň dünýäniň ösüşlerine saldamly goşant goşmagy başaran milli medeniýeti bardyr. Dünýäni haýrana goýan kaşaň-kaşaň köşkleridir olaryň bezegine öwrülen, lowurdap duran saryja goýnuň ýüňünden dokalan el halylarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň nusgalyk kämildiginiň äşgär hakykatydyr.

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.
Beýleki habarlar