Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

17 Aprel 2024
601

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mähriban halkymyz abadan hem asuda durmuşda, bagtly günleriň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we tertibini ornaşdyrmak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek kämil derejä ýetirilýär. Ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça işleri güýçlendirilen depginde alyp barmak, ylaýta-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin şertleriň döredilmegi, kadaly iýmitlenmek babatda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Meýilnama boýunça geçirilýän sanjym serişdeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda waksinalary satyn almak boýunça köpýyllyk Ähtnama arkaly hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda ilaty ýokanç kesellerinden goramak, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek abadançylygyny üpjün etmek hem-de saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan maksatlara ýetmek üçin, öňüni alyş işlerini geçirmek maksady bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan güwänamalaşdyrylýan sanjym serişdeleri döwlet serişdeleriniň hasabyna satyn alynýar we tölegsiz ýerine ýetirilýär.

Işanguly MERGENOW,
Türkmenbaşy şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
Beýleki habarlar