Käriz

17 Aprel 2024
745

«Käriz» sözi «ýerasty suwaryş akabasy» diýen manyny aňladýar. Bu suwa mätäçlik çekilýän ýerlerde suw çykarmagyň bir usulydyr. Gadymy döwürlerde-de ýer astyndaky suwlary ýygnap, olary belli bir ýerde ýeriň üstüne çykarmak üçin kärizlerden peýdalanypdyrlar. Şol wagtlar häzirki ýaly ýer gazýan kuwwatly tehnikalaryň bolmandygy sebäpli kärizler el güýji bilen gazylypdyr.

Şeýle suw desgalary ýurdumyzyň daglyk sebitlerinde köp duş gelýär. Ilki bilen käriziň guýusy gazylýar. Aslyýetinde, oňa «dikana» diýilýär. Bir dikana bilen beýleki dikananyň arasy, takmynan, 20-30 metre ýetýär. Belli tertipde dikanalar gazylyp bolnansoň, iki dikanany ýeriň astyndan birleşdirýän ötük gazylýar. Şol ötüge «söw» diýilýär. Söw gazýan adam gazýan ugruny gyşartmazlyk üçin wagtal-wagtal yzyna garaýar. Dikananyň depesinden düşýän ýagta görnüp duran ýüp göni ortada görünmelidir. Gözden ýiten bolsa ýa-da bir tarapy çala görünýän bolsa, diýmek söwüň ugry başga tarapa gyşarandyr. Görşümiz ýaly, käriz gazmak ussatlygy, ezberligi talap edýär.

Ogulbeg HANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar