Taryha bagyşlanan taryhy kitap

17 Aprel 2024
972

Her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy aýratyn guwandyryjy waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz pähim-paýhasdan dörän eserinde «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin söhbet açýar. Täze kitap 3 bapdan we 7 bölümden ybarat bolup, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplar hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümler türkmen halkynyň şanly geçmişini dabaralandyrýar.

Ýusup NURYÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar