Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu gün Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly çärede bu barada giňişleýin söhbet edildi.
Çärä çagyrylan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, mekdebiň mugallymlary ilaty ýaşaýşyň gözbaşy bolan arassa agyz suwy, ýokary hilli we howpsuz iýmit önümleri bilen üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak, binalarda arassaçylyk taýdan we keselleriň ýaýramagyna garşy gözegçiligi alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, kabul edilýän oňyn çözgütler barada gürrüň berdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere, bu ulgamda ornaşdyrylýan täze iş usullaryna, şeýle hem ynsan saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek meselesiniň sagdyn durmuş ýörelgelerini üstünlikli ornaşdyrmak bilen bir hatarda alnyp barylýandygyna üns çekildi. Garaşsyz Diýarymyzda häzirkizaman sport enjamlary bilen doly üpjün edilen, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, şähdaçyk, ruhubelent nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýän sport desgalarynyň uly toplumynyň gurlandygy, olardan ýaşlaryň netijeli peýdalanýandyklary barada buýsanç bilen aýdyldy. Hut biziň mekdebimizde hem ýokary netijeli sport bilen ýaşlaryň uly topary meşgullanýar. Dürli ugurlar boýunça çempionlaryň arasynda şu mekdebiň uçurymlary köp duş gelýär. Mekdepde türgenleri taýýarlamak boýunça ussat mugallymlaryň birnäçesi yhlas bilen zähmet çekýär. Bu barada şu çärede hem guwanç bilen gürrüň edildi.