Ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi bilen, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýeňilleşýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikler döreýär. Häzirki döwürde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgamyň ähmiýeti artýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň döwür bilen deň gadam urup, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun almaga ymtylýandygyny tassyk edýär.
Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi, ilkinji nobatda, zerur düzümleri döretmekden ugur alýar. Internet toruna elýeterliligiň ýokarlanmagy we maddy-enjamlaýyn binýadyň kämilleşdirilmegi sanly taslamalary durmuşa geçirmegiň wajyp şertleridir. Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we raýatlaryň durmuşyna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Tehnologiýalaryň örän tiz ösýän şertlerinde ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmeklerini, internetiň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak wezipeleri üstünlikli çözülýär» diýip belleýär.