Saglyk — baş baýlyk

14 Aprel 2024
975

Asuda we abadan durmuş ildeşlerimiziň her birinde kämil ýaşaýşa bolan düşünjäni berkidýär. Durmuşyň asudalygy hem-de abadanlygy ýaşaýşyň baş çeşmesidir. Durmuşyň asudalygyndan, rahatlygyndan şükürli halkymyz ýaşaýşyň esasy özenini bu gymmatlyklarda görýär. Saglyk bolsa bagtyýar ildeşlerimiziň durmuşy bilen baglydyr. Biziň saglyk diýlen düşünjäni bagtyýar durmuşymyz bilen baglamagymyz ýöne ýere däldir. Saglykly hem bagtly ýaşaýşymyzyň gözbaşynda halkyň abadanlygy, asudalygy bardyr. Bu bagtyýarlygy irden sag-aman ören raýatlarymyzyň işe, okuwa, mekdebe we çagalar bagyna batly we bagtly gadamlary bilen baryşlarynda görüp bilýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy hakyndaky başlangyçlary esasynda saglyk binalarynyň gurulmagy häzirki döwürde hem dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň saglygy we ýaşlaryň gujur-gaýratly bolmaklary üçin diýseň uly tagallalary edýär. Munuň şeýledigine saglyk we sport desgalarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Nur KÖMEKOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar