«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024
Bir adamyň saglygy hakynda alada etmek bir maşgalanyň saglygy hakynda alada etmekdir. Bir maşgalanyň saglygy hakynda alada etmek bir oba ýa şäher ilatynyň saglygy hakynda alada etmekdir. Bir oba ýa şäher ilatynyň saglygy hakynda alada etmek bolsa, tutuş halkyň, jemgyýetiň saglygy hakynda alada etmekdir. Eger-de tutuş bir halk sagdyn bolsa, elbetde, mundan dünýä ýüzüniň görelde aljagy ikuçsuz. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan birkemsiz durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde halkymyzyň arasynda ilatyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem bu aýdanlarymyza buýsançly mysaldyr.