Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.