Eziz Watanymyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmekleri, bagtyýar ýaşamaklary üçin giň şertler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň saglygyny berkitmek, degişli sagaldyş-dikeldiş işlerini geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlaryň hukuk hem durmuş goraglylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ruhy-ahlak gymmatlyklary terbiýelemek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda aýratyn hemaýata, goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini dowam etdirýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw berýär.