Ekologiýa abadançylygy – bagtyýar nesilleriň sagdynlygynyň güwäsi

8 Aprel 2024
1074

Ýurdumyzyň dünýäde abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, tebigy serişdelerden rejeli hem-de oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary işläp düzmegi üstünlikli amala aşyrmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Saglygyň, arassa howanyň, ýaşyl gözelligiň girewi bolan ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşyl tokaýlaryň, seýilgähleriň barha köpelmegi raýatlaryň dynç almagy we tämiz howada saglygyny berkitmegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şeýle asylly däpleriň dowam etmegi biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik berýär. Bu ýaşyl zolaklar, döredilýän seýilgähler diňe bir gözellik bolman, eýsem, arassa howamyz, saglygymyz we sagdynlygymyzdyr. Elbetde, bagy-bossanlygy we sagdynlygy biri-birinden aýry göz öňüne getirip bolanok. Bagy-bossanlykda, seýilgähde, arassa howada gezip, ýöräp hereket edeňde, göwnüň göterilip, nerw, ýürek-damar ulgamlaryň işi kadalaşýar, gan aýlanyşygy gowulanýar.

Maral JORAÝEWA
Çärjew etrabynyň 48-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar