Çagalykda gören-eşidenleriň ömürbaky hakydaňa möhürlenýär eken. Arada bir märekede çypdy hakynda gürrüň gozgaldy welin, çagalygym bilen baglanyşykly ýakymly ýatlamalar hakydamda janlandy.
Çypdyly gürrüňlere gulak asyp oturyşyma, goňşymyz Mätkerim aganyň çypdy dokap oturşy göz öňüme geldi. Ol ýekenleri biri-biriniň arasyndan geçirip, dokap bolansoň, çypdyny agaç çekiç bilen üstünden gaýym urup tekizlärdi. Şeýlelikde, bir keçäniň göwrüminde otdan dokalan düşek taýýar bolardy. Ondan soň ýaşuly ony saýaly agajyň aşagyna düşäp, üstünden keçe ýazyp, öz zähmetiniň hözirini görýän ýaly arkaýyn oturyp çaý içerdi. Şu görnüşler meniň çagalygymdan bäri ýadymda. Men muny ilkinji gezek görenimde örän geň galyp, bu barada ejeme gürrüň beripdim: «Eje, Mätkerim aga gök otdan birgeňsi düşek ýasaýdy!». Şonda ejem: Hä, balam, ol ot däl, oňa «ýeken» diýilýär. Ol ýaplaryň, salmalaryň boýunda bitýän ösümlikdir» diýip, maňa düşündirdi. Ýekenden dokalan düşege-de «çypdy» diýilýändigini şonda bildim. Ol keçäniň aşagyndan ýazylanda, özünden ýokary çaň-tozan we çyglylyk geçirmeýär. Onuň üstüne hiç zat ýazman ulansaň hem bolýar. Şol äpet çekiç hem tut ýa-da igde agajyndan ýasalýar. Sebäbi şol agaçlaryň gaty berk bolýandygy hakynda ejemiň aýdanlary heniz-henizler ýadymda.