Milli däbim — mertebäm

10 Aprel 2024
904

Ynsanperwerlige ýugrulan oýunlar

Türkmen milli oýunlarynda awçylyk, balykçylyk, maldarçylyk bilen bagly däp-dessurlar öz beýanyny tapypdyr. Suwy, ýeri aýawly saklamak, ojagy, ody goramak ýaly ýörelgeler biziň günlerimize gelip ýetipdir. Mergenligi, ylgamagy, uzakdan görüjiligi, duýgurlygy, hüşgärligi talap edýän oýunlar oguzlaryň ýaşan döwründen bäri milli aýratynlygyny saklap gelipdir. Milli oýunlar öz gözbaşyny türkmen durmuşyndan alyp gaýdýar. Halkymyz ene ýere ýyly girensoň, gije-gündiziň ýazky deňleşmesinde, ýagny Nowruz baýramyndan soň toý däp-dessurlaryna uly orun beripdir. Bahar baýramynda ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçupdyrlar, henek aýdyşypdyrlar. Gyzlaryň arasynda monjugatdy oýny has ýörgünli bolupdyr. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän gününde at çapyşygy guralypdyr. At çapyşygynda ýeňijä öküz, düýe, ogşuk, haly-keçe serpaý edilipdir.

Akyl DURDYÝEWA,
TOHI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar