Astronomik görkezijilerde deňiz derejesinden ýüz kilometrden ýokary bolan belentligiň howa giňişliginiň çäklerinden daşary uzaýan gurşawy kosmos barlaglary hökmünde kabul edilýär. Mähriban Watanymyz Ýer ýüzünde ylmy, ykdysady, ekologiýa, maglumat we beýleki durmuş maksatlary üçin kosmos giňişligini, älem gözelligini, taglymatlary, asman jisimlerini, tizliklerini, şöhlelerini, hadysalaryny, galaktikanyň gurluşyny, biologiýasyny barlamaga, özleşdirmäge, peýdalanmaga, taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen netijeli işlerde, tebigat bilimleriniň syrlaryny, baýlyklaryny öwrenmekde öňdebaryjy hem-de tejribeli ýurtlaryň biri hasap edilýär. Birleşen Milletler Guramasy 1999-njy ýylda her ýylyň 4 — 10-njy oktýabr aralygyny «Bütindünýä Kosmos hepdeligi» diýip yglan etdi. Altmyş üç ýyl mundan ozal zeminiň ynsan wekili ilkinji gezek kosmosa uçdy. Şol uçuş 108 minut dowam etdi. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji apreli Adamyň kosmosa uçmagynyň halkara güni diýlip yglan edildi.
2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos gullugy döredildi. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromyň dolandyryş merkeziniň badalga meýdançasyndan Aşgabat wagty bilen sagat 2:50-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem52oЕ» aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy kosmonawtika ylmyna we bütindünýä taryhyna şanly seneleriň biri hökmünde girdi.