Şanly senä bagyşlandy

6 Aprel 2024
759

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Ähmiýetli çäreleriň giň toplumy Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlarydyr beýleki çäreler dabaralaryň şowhunyny artdyrdy. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Mekdebiň çäginde amala aşyrylan welosipedli ýörişler sport çäreleriniň toplumynyň iň gyzykly bölegini emele getirdi. Okuwçylarymyz bu ýörişe uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Göreş bäsleşikleri iň güýçli pälwanlary ýüze çykardy.

Öwezmuhammet ATALYÝEW,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar