Meşhur pälwan

5 Aprel 2024
745

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Garagum sährasynyň Göbekli obasynda çarwa maşgalasynda dünýä inip, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan, ençeme toýlary baglan Gul ogly Momma pälwan (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) şeýle gürrüň berýär: «1979-njy ýylda, Derweze şäherçesiniň ýanyndaky Goşatakyr obasynda bolan toýda nesibämiz çekip, Muhammetberdi bilen duşuşdyk. Toý eýesi uly dört jübütlige girýän pälwanlara dört ogşugy baýrak goýdy. Gökdepe sebitinden bagajadan Muhammetberdi teleke pälwan, körsagyrdan Bäşim pälwan, Ahal geňeşliginden Gurbangeldi pälwan, Tümen-Çyrladan bolsa Gul Hojrap pälwan dagy orta çykdy. Olaryň garşysyna Garagum sährasynyň Goşalaň guýusyndan Berdi aç, Portdan Çopan işan pälwan, Mämmetýardan Berdi Welleň pälwan, Göbekliden bolsa men çykdym. Baýraga goýlan ogşuklaryň ikisine Muhammetberdi teleke pälwan Berdi Welleň pälwany, Bäşim pälwan bolsa Aman ajy ýeňip mynasyp boldular. Çopan işan pälwan Gul Hojrap pälwany, men bolsa Gurbangeldi pälwany ýeňip, iki ogşugy biz aldyk. Muhammetberdi ägirt gara güýjüň eýesi bolmak bilen, mümkinçilige görä çepine göterip urmaga ussatdy...».

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.
Beýleki habarlar