Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan «E-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär

4 Aprel 2024
839

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan «E-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär. Bu bolsa, serhet geçelgelerde resmileşdirme işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Çeşmede bellenilişine görä, Türkmenistanyň serhetýaka awtoýollary gümrük nokatlarynyň ählisinde, şol sanda «Altyn Asyr», «Artyk», «Sarahs», «Serhetabat», «Ymamnazar», «Farap», «Daşoguzawtoýollary» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýän «TIR-EPD» sanly ulgamy hereket edýär.

Beýleki habarlar