Änew — täsin bir älem

3 Aprel 2024
1225

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi gadymy Änew medeniýetiniň taryhynyň öwrenilişine täze badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi bolsa ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň taryhy indi bassyr 120 ýyl çemesi wagtdan bäri dünýä alymlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Dogrudan-da, bu medeniýetiň taryhyna bagyşlanyp, köp ylmy işler edildi. Olaryň ilkinjisi Rafael Pampelli tarapyndan 1908-nji ýylda Waşingtonda «Türküstandaky barlaglar» ady bilen çap edilen iki jiltlik ylmy işdir. Taryhçy alym Änewiň demirgazyk depesinden tapylan ak bugdaýyň dänelerini, zähmet gurallaryny we süňkleriň galyndylaryny öwrenip, bu ýerde, esasan, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösendigini tassyklaýar. Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmek XX asyryň 30-njy ýyllarynda hem dowam etdirilipdi. Aýratyn-da, bu medeniýeti arheologiýa maglumatlarynyň üsti bilen öwrenmekde türkmen-amerikan arheologlary köp işleri etdiler. Bu ugurda amerikaly alym, Pensilwaniýa uniwersitetiniň professory Frederik Hibertiň ady hem bellenilmäge mynasyp. Ol 8 ýylyň dowamynda Änew depelerinde gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir, köpsanly arheologiýa tapyndylaryny ýüze çykarypdyr. Olaryň arasynda 1999-njy ýylda tapylan möhür ylym dünýäsinde uly seslenme döretdi. Möhüriň ýüzünde oýulyp ýazylan ýazgy bar eken. Ýazgydaky belgiler gadymy Mesopotamiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň hatlaryndan tapawutlanýar. Ýazgyny öwrenen amerikaly alym W. Maýer (Pensilwaniýa uniwersiteti) onuň surat ýazuwyna däl-de, eýsem, harply ýazuwa degişlidigini belleýär. Bu bolsa türkmen topragynda hat-ýazuwyň öňki pikir edilişinden has öň dörändigine güwä geçýär.

Jepbarguly HATAMOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar