Meňzi, mähri ýaz ýaly

3 Aprel 2024
1077

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny gaýtalap-gaýtalap okamak bilen, eneleriň mährinden tutuş dünýäniň nurlanýandygyna göz ýetirýäris. Eneleriň hoş bolmagy bilen maşgalalaryň durmuşyna bagtyýarlyk şuglasy çaýylýar. Sebäbi maşgalada enäniň orny bir başga. Onuň gaýgy-ünjüsi näçe az bolsa, şonça-da maşgala ojagynyň durmuşy süýjeýär. Eneler ýylgyrsa, älem ýylgyrýar.

Ene durmuşda perzendi üçin köp kişiniň ornuny tutup bilýär, ýöne onuň ornuny welin, hiç kim tutup bilmeýär. Ata-babalarymyz zenan mertebesine, enäniň maşgaladaky ornuna sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti hökmünde garapdyrlar. Olaryň jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki hyzmatyna örän ýokary baha beripdirler. Häzirki günde hem zenan maşgalalar mukaddes ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hasaplanylýar. Maşgala binýadyny berkitmekde, ýaş nesilleriň Watana wepaly perzentler bolup kemala gelmeklerinde eneleriň gerdenine juda uly borç düşýär.

Akjagül ALLABERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar