Sagdyn jemgyýet — sagdyn döwlet

3 Aprel 2024
579

Adamyň baş baýlygy hasaplanylýan saglyga bagyşlanyp, bütin dünýäde uly çäreler, baýramçylyklar geçirilýär. 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu şanly sene ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Eziz Diýarymyzda-da bu şanly sene jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini özünde jemleýän baýram hökmünde giňden bellenilýär.

Şu günler hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ähli ýerde sport-sagaldyş çäreleri, wagyz-ündew işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar