Iň uly sagatlar
Iň uly sagat Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherinde ýerleşýän «Abraj Al-Bait» myhmanhanasyna bezeg berýär. Bu äpet sagadyň diametri 43 metre deň bolup, 400 metre barabar beýiklikde ýerleşýändigi bilen tapawutlanýar. Ýene bir aýratynlyk, sagadyň ýeke däl-de, dört sanysynyň bolandygydyr. Ýagny bu ululykdaky sagatlar binanyň dört tarapynda hem oturdylypdyr. «Abraj Al-Bait» myhmanhanasy beýikligi taýdan dünýäde iň beýik myhmanhana bolan «Burj Halifa» desgasyndan soňra ikinji ýerde durýar. Ýöne bu myhmanhanadaky sagatlar welin, dünýäde iň uly sagat hökmünde ykrar edildi.