«Sony» 247 megapikselli kamera çykardy

1 Aprel 2024
796

Ýaponiýanyň «Sony» korporasiýasy 247 megapiksel durulykda kamera üçin ilkinji datçigi hödürledi. Bu barada «TechRadar» neşiri habar berýär.

IMX811 datçiginiň arka yşyklandyrylan CMOS sensory, 16 bit goldawy we 3:2 gatnaşygy bar. Sensorda düşürilen suratlaryň iň ýokary ölçegi 19,2 müň, 12,8 müň piksel bolar. Surata alyş tizligi sekuntda 5,3 kadr.

Geňlik TOÝJANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar