Welaýatyň birinjiligi geçirildi

25 Mart 2024
681

Şu gün 14 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda sportuň 64 öýjükli şaşka görnüşi boýunça welaýatymyzyň birinjiligi tamamlandy. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdepde geçirilen ýaryşa welaýat merkezinden, şeýle-de Köýtendag, Hojambaz, Dänew etraplaryndan, Darganata etrabynyň Gazojak şäherinden ýaş türgenleriň uly topary gatnaşdy.

Ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen duşuşyklarda bu oýnuň inçe syrlaryny has gowy ele alan türgenler öňe saýlandylar. Has takygy, 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Köýtendag etrabyndan Tahyr Taştemirow ýeňiji boldy. Bu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda birinji orny hem şol etrapdan Aýbölek Narzullaýewa eýeledi. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherinden Atamurat Jumaýewe taý gelen tapylmady. Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda welaýat merkezinden Gülnara Jumaýewa özüniň ýeňşini toýlady. Ýaryşda Gazojak şäherinden, Dänew etrabyndan gelen ýaş türgenleriň çykyşlaryny-da şowly hasaplamak bolar. Olara hem öňdäki orunlary eýelemek başartdy. Guramaçylykly geçen bäsleşik welaýatymyzda sportuň bu görnüşinde ussatlyga dalaş edýän ýaş türgenleriň az däldigini görkezdi. Ýaryşyň ýeňijilerine ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Mahym METIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiň tälimçisi.
Beýleki habarlar