Sport — sagdynlygyň girewi

22 Mart 2024
843

Sportuň görnüşleri bedene edýän täsiri bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, ýeňil atletikany, ýagny, ylgamagy alyp göreliň. Munuň bilen meşgullanylanda, bedeni haýal ylgaw bilen çalt ýöremegi gezekleşdirmek arkaly öwrenişdirmeli. Çünki birden gaty ylgamak daljykdyryp, dem alşy kadadan çykarýar. Her bir ylgawy 1 minut artdyrmak bilen, 10–15 minut ylgamaly. Gan aýlanyşygynyň kadalaşmagyna, nerw dartgynlylygynyň öňüniň alynmagyna, immunitetiň berkemegine, boýuň ösmegine ylgamagyň ýetirýän täsiri uludyr.

Welosiped sürlende, beden süňkleriniň 206-sy, myşsalaryň 600-e golaýy işjeň herekete gelýär. Ol ýürek-damar, dem alyş ulgamyny we aýak myşsalaryny berkidýär. Welosipedi ilki bilen haýal tizlikde sürüp, soňra kem-kemden tizligi artdyrmaly. Ir säher we agşamara welosiped sürmek has-da peýdalydyr.

Çarygeldi MYRATLYÝEW,
TDB we SI-niň mugallym-öwrenijisi.
Beýleki habarlar