Telekeçilige döwlet goldawynyň miweleri

20 Mart 2024
1187

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde iş alyp barýan hususy düzümleriň 230-dan gowragyny bir ýere jemläp, üç gün dowam eden sergi öz işini tamamlady. Bu waka bilen baglanyşykly geçirilen maslahat hususy pudakda geçen döwrüň dowamynda gazanylan üstünliklere ser salyp, geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Özara tejribe hem pikir alyşmagyň, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň amatly meýdançasyna öwrülen serginiň dowamynda telekeçilerimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň giň toplumlary, olaryň önümçiliginde ornaşdyrylýan täze innowasion usullar bilen tanyşdyrdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň diwarlyklaryna hem giň orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde bina edilen hem-de gurluşygy dowam edýän binalaryňdyr desgalaryň şekil taslamalaryny synlanyňda, döwrebap şäherlerimiziň barha gözelleşýän keşbine buýsanjyň artýar. «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynyň «Gerim» haryt nyşany bilen öndürýän, elektrik energiýasynyň geçirilmeginde ulanylýan izolirlenen gurnama kabelleriniň we dürli ululykdaky simleriň önümçiligindäki üstünlikleri-de nygtalmaga mynasypdyr.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar