Geçen şenbe güni ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi. Şonuň bilen bagly ähli welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Döwlet derejesinde ýylyň-ýylyna guramaçylykly geçirilýän, asylly däbe öwrülen bu giň gerimli çärä milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ähli pudaklarynyň işgärleriniň müňlerçesi agzybirlikde gatnaşdylar. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasy badalga alan bag ekmek dabarasy toýlara beslenýän ýurdumyzyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy.