«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024
Häzirki zamanyň himiki barlaghanalarynda geçirilýän tejribeler tebigatyň döreden ösümlikleriniň düzüm böleginiň saglyk üçin peýdaly elementlere baýdygyny ýüze çykarýar. «Ýaşyl» barlaghanalarda geçirilýän synag işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylýan serişdeler ynsan saglygyny dikeltmäge, onuň kesele garşy durup bilijilik ukybyny berkitmäge we köpsanly keselleri ýeňip geçmäge ýardam berýär. Munuň özi halk lukmançylygyna esaslanýan fitoterapiýa ugurlarynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň şu ugra degişli bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işi lukmançylyk babatda tutuş adamzat medeniýetiniň ylmy hazynasyna mynasyp goşantdyr.