Welaýatlardan habarlar

15 Mart 2024
967

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde guralýan duşuşyklarda güneşli ülkämizde durmuşa geçirilýän sport syýasatynyň ähmiýeti giňden wagyz edilýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen guraýan şeýle duşuşyklarymyzda talyp ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çagyrýarys. Ýakynda ýaşlar bilen guralan maslahat hem şeýle mazmuna eýe boldy. Bu çäre talyplar üçin täsirli söhbetlere diýseň baý boldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda milli sportumyzy taryhy üstünliklere ýetiren Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi. Orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de bu ýerde bolan myhmanlar ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak ugrundaky işleriniň, wagyz-nesihat çäreleriniň gerimini has-da giňeltjekdiklerine ynandyrdylar.

Beýleki habarlar