Diýarymyzyň tebigy gözelligi

14 Mart 2024
1199

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylyp, howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan edara-kärhanalaryň, beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Ýurdumyzda her ýyl ýazda we güýzde obalardyr şäherlerde pürli, saýaly, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar. Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny bu gün dünýä bileleşigi ykrar edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmäge düýpli çemeleşmegiň düzüm bölegi hökmünde howa meselesine ulgamlaýyn gözegçilik etmegiň, köptaraplaýyn gözegçilik usulyny döretmegiň hem-de howa, ekologik we tehnogen weýrançylyklaryň täsirini azaltmagyň tarapdary bolup çykyş edýär» diýip belledi. Bu syýasat diňe bir ata Watanymyzda däl-de, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde we bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly adamzadyň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen «Şäherlerdäki baglar» atly halkara maksatnamasyna hem-de Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň ýene-de bir oňyn netijesidir.

Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar