Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny goran hökümdar

12 Mart 2024
1264

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda, dürli sebäplere görä, dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky, esasan, orta asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginiň daşyna ýaýrapdyr. Göçüp baran ýerlerinde beglikleri, döwletleri esaslandyrypdyr. Şeýle döwletleriň biri hem Akgoýunly türkmen döwletidir.

Ol häzirki Türkiýe Respublikasynyň gündogaryny, Eýranyň demirgazyk-günbataryny, Yragyň demirgazyk-gündogaryny, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň aglaba bölegini öz içine alypdyr. Akgoýunly döwletiniň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly beg hasaplanýar. Onuň agtygy Gara Ýülük Osman beg döwleti esaslandyryjydyr. Ol 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini gurupdyr. Onuň agtygy Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) dolandyran döwründe bolsa, döwlet şadöwlet derejesine ýetip, paýtagt Töwriz şäherine geçirilipdir. Uzyn Hasan Akgoýunly döwletiniň özygtyýarlylygyny goramak üçin tagta geçen hökümdar. Munuň şeýledigine döwletiň taryhyny içgin öwrenenimizde has aýdyň göz ýetirýäris.

Hurma ÇOMMADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäriniň w.w.ý.ý.
Beýleki habarlar