Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehininiň egsilmez gorundan kuwwatlanýan häzirkizaman türkmen medeniýeti, onuň ajaýyp şahyrana dünýäsinden kemal tapýar. Ynsan kalbyny heýjana salýan setirler dilden-dile geçip, gaýtalanmajak ruhy bitewüligi emele getirýär. Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty diňe bir Watanyň howalaly ruhuny örän ýokary çeperçilik derejesinde beýan etmeginden däl-de, eýsem, geçip barýan üznüksiz ýyllaryň aňyrsyndan nurlanyp görünýän alysdaky säheri görmegi başarandygyndan hem ybaratdyr.
Akyldar şahyryň ynsan ýüregine öçmejek uçgun bolup ornan şygyrlarynyň aglabasyndan geçmişiň syrlaryny açýan örän gymmatly taryhy maglumatlary görmek bolýar. Şolaryň biri-de 1747 — 1773-nji ýyllarda Owganystanda şalyk süren Ahmet şa Dürrana bagyşlanan «Arşy-aglaýa» goşgusydyr. Ahmet şa owgan we türkmen halklaryny daşky süteme garşy bileleşip göreşmäge çagyrypdyr. Goşguda Ahmet şanyň öz halkynyň dagynyk güýçlerini birleşdirmek üçin edýän hereketleri we onuň Horasanyň sebitlerine guran ýörişleri görkezilipdir. Onda öň Nedir şanyň goşun serkerdesi bolup gulluk eden Hanaly hanyň hem ady getirilipdir.