Durmuşymyzyň baş ýörelgesi

6 Mart 2024
1028

«Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýup, beýik işleri amala aşyrýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge we ornaşdyrmaga, adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler döwlet syýasatynda ileri tutulýar.

Ajaýyp zamanada ösýän we özgerýän ýurdumyzyň islendik welaýatyny, şäherini, etrabyny, obasyny alanyňda, hormatly Prezidentimiziň halkynyň bagtyýar şu güni, eşretli ertiri üçin amala aşyrýan beýik işleriniň netijesini görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgertmelere eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Bägül Nurnyýazowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar